turkmenistanda-bazarlar-restoranlar-we-dync-alys-merkezleri-acyldy

Türkmenistanda bazarlar, restoranlar we dynç alyş merkezleri açyldy

Türkmenistanda bazarlar, restoranlar we dynç alyş merkezleri 1-nji maýdan işläp başlady.

01 Mayıs 2022 18:30

Türkmenistanda 1-nji maýdan başlap bazarlar, restoranlar, teatrlar we sirkler ýaly güýmenje merkezleri sosial araçäk we agyz-burun örtügi dakmak şerti bilen işläp başlaýar.

Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Aşgabat» dynç alyş seýilgähi paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 1-nji maýdan başlap bu ýerde dynç almaga çagyrýar.

Bu ýere gelýänler üçin seýilgähde täsin attraksionlar, çagalar üçin niýetlenen gyzykly sport meýdançalary we dynç alyş oturgyçlary bar.

Seýilgähiň 10:00-dan 22:00-a çenli işleýär. Her çarşenbe bolsa bu ýerde arassaçylyk günüdir.

«Aşgabat» türkmen paýtagtynyň iň bir gadymy seýilgähleriniň biri bolup, onuň meýdany 7 gektara deňdir.

Türkmenistanda koronawirus pandemiýa garşy göreş çäginde dynç alyş merkezleri 2020-nji ýylyñ iýul aýynda ýapylypdy.

Habarlar