turkmenistanda-canakgala-e-isi-107-yllygy-bellendi

Türkmenistanda Çanakgala ýeñişiñ 107 ýyllygy bellendi

Türkmenistanda 18-nji mart Şehitleri Hatyralama Güni we Çanakgala ýenişiñ 107 ýyllygy mynasybetli çäre gurnaldy.

18 Mart 2022 15:49

Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyñ Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan  18-nji Mart Şehitleri Hatyralama Güni we Çanakgala ýeñişiñ 107 ýyllygy mynasybetli çäre gurnaldy.

Şehitleriñ hormatyna bir minutlyk hormat dymyşlyk we iki döwletiñ senalarynyñ ýañlanmagy bilen başlaýan çärede çykyş eden Türkiýe Respublikasynyñ Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral,  Çanakgalany görmän, ol ýeriñ howasyndan dem alman Çanagala ýenişine añ ýetirmegiñ kyn bolandygyny nygtap “ Çanakgala ýeñişini gazanmadyk bolsak Türkiýe Respublikasy we biz bolmazdyk”-diýdi.

Çanakgala söweşinde Türk esgerleriñ ölümden gorkman söweşendiklerini nygtan ilçi Oral,” Çanakgala ýeñşini gazandyran ruh, bu ruhdyr. Mustafa Kemalyñ men size söweşmäni däl eýsem ölmegi buýurýan sözi şol ruhy gören beýik serkerdebaşyñ buýrugudyr”-diýdi.

Çäräniñ dowamynda myhmanlar “ Çanakgala” dokumental film, Türkmen-Türk mektebiñ okuwçylarynyñ taýarlan ýörite çykyşlaryny tomaşa etdiler.

Habarlar