turkmenistanda-e-is-guni-bellenildi

Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenildi

9-njy maýda Türkmenistanda uly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy dabaraly bellenildi.

10 Mayıs 2022 10:23

Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow, baýramyň öň ýanynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak hakynda Permana gol çekdi. 

“Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir” diýip, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli hormatly uruş weteranlaryna we türkmen halkyna iberen Gutlagynda belledi.

Türkmen döwleti frontçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň zerurlyklaryna aýratyn üns-alada bilen garaýar. Milli gahrymanlaryň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” atly kitaplarda ebedileşdirildi. Weteranlara köp sanly ýeňilliklerden başga-da, durmuş taýdan goldaw hem berilýär.

Döwlet Baştutany,Ýeňiş güni mynasybetli dabaralaryň ähmiýetini belläp, şeýle çäreleriň Watanyň durmuşynda uly syýasy ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Türkmen halky, “Milletiň ogullary” ýadygärliginde Watan üçin wepat bolanlary, “Baky şöhrat” ýadygärliginde Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlary, “Ruhy tagzym” ýadygärliginde Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary hatyralaýar.

Ýurduň ähli şäherlerinde we obalarynda Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde agyr synaglara mertlerçe döz gelen edermen ildeşler sarpalandy, XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşip, öz mukaddes borçlaryny berjaý edip, maşgala ojaklaryna dolanyp gelen weteranlary hem-de tylda zähmet çekenleri, uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlaryny hormatlamak dabaralary geçirildi.

Konsert meýdançalarynda aýdym-sazlar, peşgeş berlen asuda durmuş üçin milli gahrymanlara hoşallyk sözleri ýaňlandy. Ýeňiş güni mynasybetli “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda guralan dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ynamly gadam goýan parahatçylyk dörediji ýurtda — Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrdy.

 

Habarlar