turkmenistanda-garassyzlygy-30-yllygy-dabaraly-agda-da-bellenilip-gecil-r

Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Türkmenistanyñ şanly Garaşsyzlyk toýunyñ 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag haty ugratdy.

28 Eylül 2021 09:51

Türkmenistanda Garaşsyzlygyň  şanly 30 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.

Baýramçylyk gününde paýtagt Aşgabat şäherinde dabaraly ýöriş geçirildi. Dabara ýurdyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow bilen birlikde hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň  harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäher we welaýat häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.  

Türkmenistanyň Milli senasynyň ýerine ýetirilmegi we baýdagyň münbere çekilmeginden soň Gury ýer güýçleriniň, Harby-howa güýçleriniň we Harby-deňiz güýçleriniň harby batalýonlarynyň gatnaşmagynda dabaraly harby ýöriş geçirildi. Dabarly ýörişe ýurdyň döwlet guramalary hem gatnaşdy. Ondan soň bolsa türkmen lideri özüne sowgat berilen “Garaşsyzlyk” atly Ahalteke atyna münüp, tribunadaky adamlara salam berdi.

Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan hem türkmen liderine ugradan gutlag hatynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady. Türkmen lideriniň öňbaşçylyk etmeginde Türkmenistanyň sebitde durnukly we asuda merkeze öwrülendigini bellän Prezident Erdogan, Türkmenistana meýilleşdirilen saparyň ýakyn wagtda amala aşyryljakdygyny nygtady.

Habarlar