turkmenistanda-garassyzlyk-ba-ramy-ucin-gun-gecislik

türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy üçin günä geçişlik

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli  iş kesilen 812 raýatyň hem-de 3 sany daşary ýurtly raýatyň günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekildi.

25 Eylül 2020 11:24

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy. prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli  iş kesilen 812 raýatyň hem-de 3 sany daşary ýurtly raýatyň günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi.

prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda  däp bolşy ýaly, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ýurdumyzyň baş baýramynyň öň ýanynda günäleriniň geçilýändigini aýtdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Anahtar Kelimeler: Türkmenistan, günä geçişlik, Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy,

Habarlar