turkmenistanda-halkara-bitaraplyk-guni-uludan-bellendi

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni uludan bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasynda gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

13 Aralık 2021 13:39

2021-nji ýylyñ 12-nji dekabrynda Türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 26 ýyllygyny belledi. Bu şanly baýram mynasybetli ýurduň ähli künjeklerinde we paýtagtda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Aşgabat şäherinde hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda  Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Şoňa görä-de, 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilýär. Ýurduň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi netijesinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly tekliplerimiz, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrundaky başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginiň gin goldawyna mynasyp boldy diýip nygtady.

Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde bina edilen ajaýyp binanyň ýanynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler ýygnandylar.

Dabara “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty—halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” ady bilen geçirilen Halkara maslahatyna gatnaşyjylar hormatly myhmanlar hökmünde çagyryldy.

Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesi Türkmen halkyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de açyklyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasy giň

Türkmen döwleti Bitaraplyk derejesine eýermek bilen, şu geçen ýyllaryň dowamynda dünýäniň ýurtlary, iri halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeň pugtalandyrýar. Bu köpugurly hyzmatdaşlygyň çäkleri syýasy-ykdysady hem-de ynsanperwer-medeni ulgamlarda täze anyk many-mazmuna eýe bolup, yzygiderli giňelýär.

Habarlar