turkmenistanda-halkara-parahatcylyk-we-ynanysmak-yly-baslady

Türkmenistanda "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly başlady

Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi.

01 Şubat 2021 21:18

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi. 

Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow,  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy Wolkan Bozkyr, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň Başlygy Altaý Jengizer, mejlisiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dabara Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy Guramasynyň we beýleki halkara hem-de sebit düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow eden çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýylyň – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi hakyndaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna çagyrýan hemişelik bitarap Türkmenistanyň tagallalarynyň özboluşly beýany boldy diýdi.Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ilerledilmeginde özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan diplomatiýanyň, syýasy gepleşikleriň gurallarynyň netijeli ulanylmagynyň derwaýyslygyny nygtady we munuň üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary bilen işjeň özara hereketleri saklaýandygyny belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy Wolkan Bozkyr öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň derwaýyslygyny belläp geçdi. Türkmenistanyň Hökümetine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly başlangyjyny teklip edendigi üçin minnetdarlygyny bildirip, ol global derejedäki ýagdaýlar nukdaýnazaryndan parahatçylyga we özara ynanyşmaga bolan zerurlygyň aýratyn gaýragoýulmasyzdygyny nygtady. Jenap Bozkyr parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ýolunda halkara bileleşigini syýasy gepleşikler we raýdaşlyk arkaly hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. 

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow parahatçylyk medeniýetiniň wagyz edilmegi boýunça tagallaryň hem-de hereketleriň işjeňleşdirilmegine çagyrýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçirilmeginiň derwaýyslygyna aýratyn üns berdi.

 

Habarlar