turkmenistanda-hatyra-guni

Türkmenistanda Hatyra Güni

6-njy oktýabrda Türkmenistanyň halky 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan ildeşlerini  hasrat bilen hatyralaýar.

07 Ekim 2020 13:24

6-njy oktýabrda Türkmenistanyň halky 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan ildeşlerini  hasrat bilen hatyralaýar. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat ýe titremesinde, Göktepe galasynyň şehitleriniň we Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hatyrasyna ýadygärliklere üç sany gül dessesini goýdy.

Türkmen halkynyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň birinden — Aşgabat ýertitremesinden 70 ýyldan hem gowrak wagt geçdi. Bu waka baradaky ýatlamalar häzire çenli her bir türkmenistanlynyň ýüreginde agyr ýara bolmagynda galýar.

1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijede elhenç tebigy betbagtçylyk bir pursadyň özünde owadan, gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini weýran etdi, her bir maşgala diýen ýaly öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi.

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda Türkmen watandaşlarynyň müňlerçesi deňsiz-taýsyz edermenlik, harby borja wepalylyk, Watana ygrarlylyk görkezdiler. 

 

 

 

 

 

 

Anahtar Kelimeler: Türkmenistanda Hatyra Güni,

Habarlar