turkmenistanda-hususy-ulgamy-urdu-ykdysady-etinde-e-ele-n-ornuny-berkidilm

Türkmenistanda, hususy ulgamyň ýurduñ ykdysadyýetinde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär

Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

14 Nisan 2022 10:31

13-nji aprelde Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurduň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp, hususy ulgamyň ýurduñ ykdysadyýetinde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar, şol sanda azyk we beýleki harytlaryň önümçiligi boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar.

Soňky ýyllarda ýola goýlan asylly däbe görä, hususy işewürligiň gazananlarynyň gözden geçirilişiniň maksady dürli ugurlardaky täzelikler hem-de telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlar, eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Bu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurduň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär. Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, Aşgabatda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar.

Mälim bolşy ýaly, bu önümler ýokumlylygy we ýokary halkara ülňülere laýyk gelmegi esasynda dünýäniň talapkär bazarlarynyň uly isleginden peýdalanýar. Olaryň ählisi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisine süýjüleriň, kökeleriň hem-de beýleki nygmatlaryň täze görnüşlerini taýýarladylar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan ýokary derejä, hil babatda bildirilýän talaplara laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Munuň özi milli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda aýratyn ähmiýetlidir diýip, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Sergide ulag we logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirýän hususy kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň üstünlikleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda “Bir dünýä”, “Ulag ekspeditorçylyk hyzmatlary” hojalyk jemgyýetleri, “Bir kuwwat” hususy kärhanasy we beýlekiler bar. 

Ýük daşamak bilen meşgullanýan telekeçileriň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň görnüşleri yzygiderli köpelýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän halkara taslamalaryň çäklerinde ulag-logistik kompaniýalaryň işine aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutany, telekeçileriň ykdysadyýetiň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini belledi we hususyýetçiligiň mundan beýläk-de höweslendirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ünsi çekdi. Munuň özi “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” görkezilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde has-da möhümdir diýip, hormatly Prezident nygtady.

Döwlet Baştutany hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere giňden çekilmelidiginiň ähmiýetini belledi. Ýurtda kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetde hususy pudagyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamaga, önümçilik düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň dowam etdiriler diýip, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi we hemmelere üstünlik arzuw etdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi 18-nji aprelde tamamlanar. Bu bolsa isleg bildirenleriň ählisiniň hususy önüm öndürijileriň gazananlary bilen tanyşmagyna mümkinçilik berer.

Habarlar