turkmenistanda-jemi-25-million-du-p-bag-nahallary-ekiler

Türkmenistanda jemi 25 million düýp bag nahallary ekiler

Türkmenistanda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bag ekmek boýunça ählihalk çäresi geçirildi.

10 Kasım 2020 12:14

Türkmenistanda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bag ekmek boýunça ählihalk çäresi geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk şöhratly senesine beslenýän şu ýylda paýtagt hem-de welaýatlarda jemi 25 million düýp bag nahallary ekilýär. Hökümet agzalary, ministrlikleriň wekilleri we jemgyýetçilik guramalarynyň  ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda  güýzki bag ekmek möwsümi ýurt boýunça dowam edýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamdow ähli türkmen halkynyň ýurduň ekologiki taýdan gülläp ösmegini üpjün etmek maksady bilen köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak kampaniýasyna goşant goşandygyny nygtap her sebitiň topragy we howa aýratynlyklary üçin nahallary saýlamagyň möhümdigini aýtdy.

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbitlerinde milli we dünýä möçberinde Milli tokaý maksatnamasy amala aşyrylýar. Onda şäheriň we obalaryň töwereginde, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ugrunda «ýaşyl guşaklyklary» döretmek göz öňünde tutulýar. 

Türkmenistan; Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy we Daşky Gurşaw Maksatnamasy, Bütindünýä Daşky Gurşaw Gaznasy, Halkara Aral Deňiz Halas ediş Gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebit Ekologiýa Merkezi we beýleki köp sanly halkara we sebit guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. ýurduň ösümlik dünýäsini bag ekmek boýunça ählihalk çäresi  bilen baýlaşdyrmak maksatlanýar.

Anahtar Kelimeler: bag ekmek boýunça ählihalk çäresi, Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk şöhratly senesi,

Habarlar