turkmenistanda-kop-cagaly-masgalalara-t-ze-ja-lar-sowgat-beriler

Türkmenistanda köp çagaly maşgalalara täze jaýlar sowgat beriler

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar.

05 Mart 2022 15:23

Ýurduň zenanlary her ýylda döwlet sylaglaryna, ordenlere we medallara mynasyp bolýarlar.

Köp çagaly eneleriň “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolmagy olaryň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlarynyň ykrarnamasydyr, Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşandynyň tassyklanmasydyr.

Köp çagaly maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak döwletiň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Ýurduň welaýat merkezlerinde sekiz we şondan köp çagany ösdürip ýetişdiren eneleri hormatlamak, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hem-de köp çagaly maşgalalara ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçiriler.

Habarlar