turkmenistanda-kopculikle-in-gu-zluk-bugda-ekisine-baslandy

Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy

Köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň dürli sebitlerinde däp bolan baýramçylyk we dabaralar geçirildi.

04 Eylül 2020 13:33

Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy. Türkmen halkynyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribaryň geljek tomusda ak bugdaýyň bereketli, bol hasylyny eçilmegini dileg edip ak pata bermegi bilen, möhüm oba hojalyk möwsümi ýurduň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.
Ýurduň bugdaý meýdany 690 müň gektar ýeri eýelär. Daýhanlar şonça meýdandan 2021-nji ýylda 1 million 400 müň tonna däne ýygnap almagy maksat edinýärler. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli, aýdym-saz we folklor toparlary konsert taýýarladylar.

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli geçirilen çärelere hökümet agzalary, welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleri, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, agronomlar, mehanizatorlar, gallaçy kärendeçiler we hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Anahtar Kelimeler: Türkmenistan, güýzlük bugdaý ekişi,

Habarlar