turkmenistanda-kowid-19-okanc-keseline-garsy-go-ulan-c-releri-mohledi-1-nji-ma

Türkmenistanda kowid-19 ýokanç keseline garşy goýulan çäreleriň möhledi 1-nji marta çenli uzadyldy

Türkmenistanda  geçen ýyldan bäri dowam edýän kowid-19 ýokanç keseline garşy goýulan çäreleriň möhledi 1-nji marta çenli uzadyldy.

02 Şubat 2021 19:22

Türkmenistanda  geçen ýyldan bäri dowam edýän kowid-19 ýokanç keseline garşy goýulan çäreleriň möhledi 1-nji marta çenli uzadyldy. Kabul edilen karara laýyklykda 1-nji marta çenli demirýoly we şäherara  gatnawlarynyň çäklendirilmegi 1-nji marta çenli dowam eder. Koronawirus epidemiýa garşy öňüni alyş çäresiniň çäginde restoranlar diňe öýlere hyzmat berýär, sport merkezi we metjitler bolsa ýapyk. Galan müşderi hyzmatlary berýän kärhanalar bolsa dezinfeksiýa düzgünlerine, saglyk we arassaçylyk standartlaryna laýyklykda çäkli hyzmatlary berýär.

Beýleki tarapdan ýurtda kowid-19 ýokanç keseline garşy sanjymlaryň bellige alynma işleri hem üznüksiz dowam edýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ministirligine bagly bolan Dermanlary Bellige Alma Merkezi Russiýanyň 2-nji koronawirus sanjymy bolan EpiVac Corona sanjymyny bellige aldy. Türkmenistan Russiýa tarapyndan öndürülen “Sputnik V” sanjymyny Merkezi Aziýada ilkinji bellige alan  döwlet boldy.

Habarlar