turkmenistanda-kowid-19-pandemi-asyna-garsy-go-ulan-c-klendirmeler-1-nji-no-abr

Türkmenistanda kowid-19 pandemiýasyna garşy  goýulan çäklendirmeler 1-nji noýabra çenli uzadyldyldy

Türkmenistanda kowid-19 pandemiýasyna garşy  goýulan çäklendirmeler ýene bir gezek 1-nji noýabra çenli uzaldyldy

01 Ekim 2020 15:29

Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu çäkde Türkmenistan halkara uçar gatnawlarynyň ýatyrylmasyny 31-nji oktýabra çenli uzaltdy.

2020-nji ýylyň Mart aýynda gury ýer we howa serhetlerini halkara transporta ýapan Türkmenistan iýul aýyndan bäri ýurduň içinde otly we awtobus gatnawlaryny bes etdi. Içerki howa gatnawy hem çäklendirilen ýurtda iri söwda merkezleri, bazarlar, toý we gözellik salonlary, metjitler we restoranlar ýapyk.Ýurtda maska dakmak we kowid-19 pandemiýasyna garşy  goýulan çäklendirmeler 1-nji noýabrda uzaldyldy.

Resmiler şu güne çenli ýurtda  Kowid-19-a ýolugan adamlaryň  bolmandygyny we goýulan çäklendirmeleriň global epidemiýanyň öňüni almak we goramak maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylandygyny habar berdiler.

Anahtar Kelimeler: Türkmenistan, kowid-19, COVID-19 koronawirus pandemiýasy,

Habarlar