turkmenistanda-mukaddes-gadyr-gijesinde-514-tussagy-gun-si-gecil-r

Türkmenistanda mukaddes Gadyr gijesinde 514 tussagyň günäsi geçilýär

Türkmenistanyñ prezidenti Serdar Berdimuhamedow,” iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi.

23 Nisan 2022 12:09

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Bu permana görä,Türkmenistanda mukaddes Gadyr gijesinde 514 tussagyň günäsi geçilýär.

Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Habarlar