turkmenistanda-nebitgaz-pudagyna-dasary-urt-ma-a-go-umlaryny-cekmek-bo-unca-hal

Türkmenistanda nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum

29-njy martda Aşgabatdaky  “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady.

30 Mart 2022 17:57

Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar.

Dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurduň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr.

Forumyň işine ýurduň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň belli nebitgaz işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Umuman, foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleri gatnaşdylar. Foruma gatnaşýanlaryň düzümi dünýäniň işewür toparlary tarapyndan ýurda maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artýandygyny görkezýär.

Ägirt uly energetika serişdelerine baý bolan we uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artmagy ýurtda “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, deňhukukly we özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň we türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürýändiginiň aýdyň netijesidir.

Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum 2 günläp öz işini dowam eder. Oňa gatnaşyjylar “Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri”, “Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny”, “Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular”, “Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi” mowzuklaýyn mejlislerde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Forumyň ikinji gününde dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň toplan tejribeleriniň we täze işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Şeýle hem ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we kesgitlemek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary bellenildi.

Forumyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi.

Habarlar