turkmenistanda-nowruz-ba-ramy-uludan-bellen-r

Türkmenistanda Nowruz baýramy uludan bellenýär

Türkmenistanda Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy uly ruhubelentlikde bellenip geçilýär.

21 Mart 2022 12:37

Bahar paslynda tutuş Türkmenistan boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşdy.

Aşgabatda esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda guraldy. Garagum derýasynyň kenarynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary Türkmen halkynyñ özboluşly däp-dessurlary bilen utgaşdyryldy. Hatara düzülen ak öýleriň golaýynda toý gazanlary ataryldy. Haly düşelen sekilerde türkmen durmuşyna mahsus görnüşler emele geldi. Şeýle hem ýörite gurnalan ýerlerde senetkärleriň elinden çykan ajaýyp gap-gaçlar, gündogar bazarlaryna mahsus görnüşler baýramçylyk dabarasyny has-da belende göterdi.

Baýramçylyk çärede ýurduň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary boldy. Konsertiň maksatnamasyna edebi-sazly we folklor-etnografiýa, tans toparlarynyň çykyşlary, halk aýdym-sazlary, Magtymguly Pyragynyň arzuw eden berkarar döwrümizi wasp edýän estrada aýdymlary girizildi.

Belent başly hiňňildiklerde uçýan ýaşlaryň şadyýan sesleri baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy. Bu görnüşler Türkmen halkynyň täzelenişi, milli bahar baýramyny uly ruhubelentlik bilen garşylaýandygyny we şanly sene bilen ýagşy umyt-arzuwlaryny baglanyşdyrýandygyny alamatlandyrdy.

Ajaýyp “Küştdepdi” aýdym-saz dessury dabaranyň jemini jemledi. Ýaşlar joşgunly tansyň üsti bilen durmuşyň bezegi bolan ajaýyplyklary, nurly güneşi, bahar paslyny wasp etdiler.

Habarlar