turkmenistanda-oraza-ba-ramy

Türkmenistanda Oraza baýramy

Türkmenistanda Musulmanlar baýram namazyndan soñ birek-birek bilen baýramlaşdylar.

02 Mayıs 2022 10:39

Oraza baýramy mynasybetli ertiriñ ir sagatlarynda ýurduň ähli metjitlerinde baýram namazlary okaldy.

Aşgabat şäherindäki Ertugrul Gazi metjidine baýram namazyna gelen ýüzlerçe Musulman metjdiñ howlusyny we köçelerini doldurdy. Metjidiñ orun alýan köçe we ýollar ulag gatnawyna ýapyldy, metjidiñ töwereginde howpsuzlyk çäreleri alyndy.

Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň birligine uýýan, hoşniýetliligi, dost-doganlygy mukaddes ýörelgä öwren türkmen halky asylly işleriň, beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň gijesi bolan mübärek Gadyr gijesine uly hormat goýýar.

Ähli döwürlerde bolşy ýaly, mukaddes Oraza aýynda parz we wajyp ýörelgelerden ugur alnyp agyz beklendi, Aşgabat şäherindäki Hezreti Omar metjidinde, Mary welaýatyndaky Gurbanguly hajy metjidinde, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň baş metjitlerinde tagat-ybadatlar berjaý edildi. Beýik Allatagalanyň mukaddes kitaby bolan Gurhany Kerime uýlup, juma we tarawa namazlary okalyp, Watanyň abadançylygy, rowaçlygy, rysgal-berekediniň artmagy, ýurduň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende göterilmegi üçin aýat-töwirler, alkyş-dilegler edildi.

Öten-geçenleri ýagşylykda ýatlamak, hatyra dessurlaryny berjaý etmek ýaly nesilleri birleşdirýän we jebisleşdirýän asylly ýörelgelerden ugur alnyp, eziz Watanyň ösmegine, parahat, abadan durmuşynyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşan beýik şahsyýetlerimiziň ýagty ýadygärligine hormat goýuldy.

Türkmenistanda prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlemesi çap etdi.

Gutlag ýüzlenmesinde Prezident Berdimuhamedow, Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap.: “Goý, mübärek Oraza aýynda amal edilen tagat-ybadatlar, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap berlen agzaçar sadakalary, okalan aýat-töwirler, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň, bütin adamzadyň bagtyýar hem parahat durmuşynyň hatyrasyna edilen dilegler, arzuw-umytlar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!”-diýdi.

Habarlar