turkmenistanda-prezident-gurbanguly-berdimuhamedow-turkmenistany-konstitusi-as

Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna gol çekdi

Kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda iki palataly kanun çykaryjy organ döredildi. Täze iki palataly kanun çykaryjy edaranyň Halk Maslahaty palatasynyň öz işine başlamagy üçin guramaçylyk meseleleri we olaryň agzalaryny saýlamak işleri geçiriler.

01 Ekim 2020 10:50

Türkmenistanyň Halk Maslahaty mejlisiniň arakesmesinde Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 11-nji mejlisi boldy. Deputatlar «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyna garadylar.

Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Milli Geňeşini döretmek we ýurduň kanun çykaryjy organynyň iki palataly ulgamyna ýakyn wagtda geçmegi meselesine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyryşynyň 11-nji mejlisiniň gün tertibine hödürlenen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy biragyzdan tassyklandy we kabul edildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa soňra Halk Maslahatynyň mejlisinde deputatlaryň Konstitusion kanunyň taslamasy barada kabul eden çözgüdi barada çykyş etdi.

Soňra hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna gol çekdi.

Milli Lider mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi, jemgyýetiň we döwletiň agzybirligini alamatlandyrýan ajaýyp taryhy waka, halkymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny belledi.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

HALK MASLAHATYNYŇ IŞI BES EDILÝÄR

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem bes edilýär. Bu mesele boýunça döwlet Baştutany “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky 1-nji buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek barada” karara gol çekdi.

Kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda iki palataly kanun çykaryjy organ döredildi. Täze iki palataly kanun çykaryjy edaranyň Halk Maslahaty palatasynyň öz işine başlamagy üçin guramaçylyk meseleleri we olaryň agzalaryny saýlamak işleri geçiriler.

Konstitusion kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

Şonuň üçin Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlaryny bellemek hem-de bu guramanyň wezipeleri boýunça guramaçylyk işlerini geçirmek babatda degişli kararlara gol çekdi.

Anahtar Kelimeler: Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, Türkmenistan, Türkmenistanyň Konstitusion kanuny,

Habarlar