turkmenistanda-prezident-sa-lawlaryna-t-ze-dalasg-rler-hodurlenildi

Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna täze dalaşgärler hödürlenildi

Türkmenistanda prezident wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär.

22 Şubat 2022 10:56

Şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak boýunça çäreler dowam edýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly we Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy 12-nji martda geçiriljek prezident saýlawlarynda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

Agrar partiýadan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde dalaşgärlige hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowy hödürlendi.

Aşgabat şäherinde raýatlaryň teklipçi topary, ýurduñ iň ýokary döwlet wezipesine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýewi dalaşgär hökmünde hödürledi.

Ahal welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary, Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

Balkan welaýatynyñ raýatlarynyñ teklipçi topary, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowy  dalaşgärlige hödürledi.

Daşoguz welaýatynda raýatlaryň teklipçi topary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

Lebap welaýatynyñ raýatlarynyñ teklipçi topary, welaýatyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

Mary welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi Türkmenistanyň Prezident wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

Habarlar