turkmenistanda-prezidenti-u-tgemegi-we-t-ze-umytlar

Türkmenistanda prezidentiň üýtgemegi we täze umytlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň sesleriniň 72,97% alyp, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy we ýurtda reformalaryň bolup biljekdigi baradaky umytlar artdy.

22 Mart 2022 15:28

2022-nji ýylyñ 15-nji martynda Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurtda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň — bäsdeşlik esasynda guralan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine garaldy.

Merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň iň köpüsini — 72,97 göterimini alan dalaşgär — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi.

Mejlisde täze saýlanan döwlet Baştutany ýygnananlara gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, gysgaça söz sözledi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanyň raýatlaryna ýüzlenip, saýlawlara işjeň gatnaşan ildeşlere, özi üçin ses berip, ynam bildiren saýlawçylara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan döwletiniň ykdysady kuwwatyny berkitmek, onuň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda uly işleri amala aşyrandygyny nygtap, ýurduň täze saýlanan Prezidenti Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde has uly wezipeleriň durýandygyny nygtady. Bu wezipeler Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» jikme-jik beýan edildi.

Garaşsyzlygyň 30 ýylynda kemala gelen ösüş ýoly, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuş babatda başy başlanan özgertmeler dowam etdiriler, mähriban halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejelerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak ugrunda tagalla ediler.

Ýurduñ täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary we ähli türkmenistanlylary halkyň bildiren beýik ynamyny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda asudalygy, howpsuzlygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň berkarar bolmagyna ýardam bermek, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine bitirjek işleri bilen ödejekdigine ynandyrdy.

Soňra milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baştutany wezipesine täze saýlanan Serdar Berdimuhamedowy ýurduň kanunçylygyna we umumy kabul edilen hukuk kadalaryna laýyklykda, bäsdeşlik esasynda, aç-açanlyk hem-de aýdyňlyk ýagdaýynda geçen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bu ýeňiş biziň halkyň bildiren ynamynyň netijesidir. Adamlaryň ynamy bolsa mukaddesdir we hökman ödelmelidir. Munuň üçin, ilki bilen, Watany hem-de mähriban halkyňy çäksiz söýmeli. Hemişe halkyň aladasy bilen ýaşap, ähli güýjüňi, tagallaňy onuň bähbitlerine gönükdirmeli. Eger gerek bolsa, Watanyň we halkyň üçin janyňy hem bermäge taýýar bolmaly diýip, milli Lider aýtdy we Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň bu ynamy ödejekdigine ynam bildirip Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine köptaraply işinde üstünlikleri arzuw edip, halk üçin ähli amala aşyrjak wezipesinde diňe üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi.

Türkmenistanda reformalar

Türkmenistanda bilime we saglygy goraýşa goýulýan maýa goýumlarynyň mukdary ýylsaýyn köpelýär.

Türkmenistan dünýädäki iň uly gaz gorlary bolan ýurtlaryň biridir. Şeýle hem ýurduñ nebit çeşmeleri bar.

Eksport edilýän önümleriñ başynda gaz we nebit önümleri, pagta, dokma we haly önümleri durýar. Önümleriñ eksport edilýän ýurtlaryñ sanawynda ilkinji  hatarda üç ýurt Hytaý, Türkiýe we Italiýa orun alýar.

Häzirki wagtda gaz önümlerini iň köp satyn alyjy ýurt Hytaýdyr. Eksport girdejileriniň takmynan 80% -ini tebigy gaz tutýar.

2021-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň girdeýjisi  54 milliard dollar bolup ýurtda adam başyna düşýän girdeýji bolsa 8 müň 800 dollar töweregi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşy:

“ Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir. Şu belent maksatlara ýetmegiň ýoly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen hem-de ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen Milli maksatnamada aýdyň beýan edildi. Bu maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» diýlip atlandyrylýar.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda uly işleri bitirdi. Oňyn syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleri üstünlikli amala aşyrdy. Hereket etmegiň oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamasyny durmuşa geçirdi. Milletiň Lideriniň döwleti dolandyrmakda, ýurdumyzy ösdürmekde maksada okgunlylygy hem-de syýasy öňdengörüjiligi, halkyna ynamy we söýgüsi türkmen döwletini ynamly ösüş ýoluna çykarmaga mümkinçilik berdi. Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin bellenen esasy ýol, öňde goýlan maksatlar, geljegi uly wezipeler meniň geljekde alyp barjak işimiň esasynda durýar.

Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar.

Halkara gatnaşyklarda Türkmenistan ozalky syýasy garaýyşlarynda galýar. Biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna, hereket edýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklara, şertnamalara hem-de konwensiýalara laýyklykda, öz halkara borçnamalaryny doly ýerine ýetirer. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki halkara maliýe-ykdysady guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkider.

Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris.

Biziň goranyş häsiýetli doktrinany berjaý edýän milli Ýaragly Güýçlerimize döwletimiziň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny goramakda, durnuklylygyny üpjün etmekde uly orun degişlidir. Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwaty halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şuny göz öňünde tutup, biz milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis. Bu edaralar üçin geljekde hem häzirki zamanyň iň kämil tehnikalaryny, beýleki zerur enjamlary satyn alarys. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrarys.

Geljekde biz Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçireris.

Howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar.

Men saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarymda paýtagtymyzda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny, welaýatlarda täze, häzirki zaman obalarynydyr şäherçelerini gurmak barada jikme-jik aýtdym. Nesip bolsa, bu işleri geljekde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem dowam etdireris.

Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak we ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, daşary ýurtlardan ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin maýa goýumlaryň möçberi-de artdyrylar.

Ekologik abadançylygy üpjün etmek, geljek nesillerimiz üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de olaryň biologik dürlüligini artdyrmak, tebigy serişdelerimizi netijeli we durnukly peýdalanmak, şeýle hem bereketli topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça giň gerimli işler geçiriler.

Önümçilige häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalary hemişelik esasda ornaşdyrylar we suwarmagyň ozal ulanylýan usullary kämilleşdiriler. Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmäge, mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmaga, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmäge aýratyn üns berler.

Biz ahalteke atlarynyň baş sanyny we dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslyk mekdebiniň baý däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça hem möhüm işleri dowam etdireris.

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridir. Munuň üçin biz dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini dörederis. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini özümizde giňden öndürip, olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrarys.

Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys.

Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris.

Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ajaýyp sungat ösüp gelýän nesillerimizi terbiýelemekde, gadymy senedimizi ösdürmekde mynasyp orny eýeleýär. Şoňa görä-de, halylarymyzy täze göllerdir nagyşlar bilen baýlaşdyrmak, ýerli we daşary ýurtly alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Hususy pudak üçin hem döwletimiz ähli şertleri döredýär. Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder.

Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriler. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler.

Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler.

Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem, ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler.

Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris. Şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işlerini-de alyp bararys. Şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça hem işleri geçireris.

Men ilaty durmuş we hukuk taýdan goramagy güýçlendirmek döwlet Baştutanynyň baş wezipeleriniň biri bolmalydyr diýip hasaplaýaryn. Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagt ünsden düşürmez.

Biz köp çagaly maşgalalara döwlet goldawyny mundan beýläk-de gowulandyrarys. Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar.

Men ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geljekde etmeli işlerimiz barada umumylaşdyryp gürrüň berdim. Kabul eden maksatnamamyzda öňde goýan wezipelerimizi öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin biz ähli mümkinçiliklerimizi ulanyp, agzybirlikde we jebislikde, el-ele berip işlemelidiris.

Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn.

Watan diňe halky bilen Watandyr!

Döwlet diňe halky bilen döwletdir!

Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşan, şol sanda meniň üçin ses beren ähli saýlawçylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Men özüme bildirilen örän uly ynama ýokary baha berýärin. Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin. Şoňa görä-de, mukaddes Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we mähriban halkymyzyň parahat, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gujur-gaýratymy, bilim-tejribämi we başarnygymy gaýgyrmajakdygyma sizi ýene-de bir gezek ynandyrýaryn.”-diýdi.

Habarlar