turkmenistanda-turki-ni-sy-ahatcylyk-hepdesine-bagyslanyp-c-re-gecirildi

Türkmenistanda Türkiýäniň “syýahatçylyk hepdesine” bagyşlanyp çäre geçirildi

Türkiýäniň Aşgabatdaky medeniýet merkezinde Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeliginiň çäginde “Howpsuz syýahatçylyk tanyşdyryşy we Türkiýäniň surat sergisi hem-de türk naharlary” atly çäre geçirildi.

15 Nisan 2021 17:33

Türkiýäniň Aşgabatdaky medeniýet merkezinde 2021-nji ýylyñ 12-nji aprelinde Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeliginiň çäginde “Howpsuz syýahatçylyk tanyşdyryşy we Türkiýäniň surat sergisi hem-de türk naharlary” atly çäre geçirildi.

Çärä birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili, Türkmenistandaky halkara guramalaryň we syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral çykyş etdi we  Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdi.

Türkiýäniň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral çäräni açyp, öz cykyşynyň dowamynda Türkiýä syýahat edilende döwlet tarapyndan alnyp barylýan çäreler  bilen tanyşdyrdy we Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdi. Olaryň arasynda myhmanlar üçin öňüni alyş çäreleri, COVID-19 syýahatçylary goramak üçin saglyk ätiýaçlandyryşy, 2020-nji ýylyň iýun aýynda durmuşa geçirilip başlanan “Howpsuz syýahat maksatnamasy” bardy.

Şeýle hem, çäräniň dowamynda Türkiýäniň medeniýetini we tebigatyny wasp edýän surat sergisi görkezildi hem-de myhmanlara türk tagamlary hödürlenildi.

 Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda syýahatçylyk hepdeligi aprel aýynyň 22-ne çenli dowam eder.

 

Habarlar