turkmenistanda-turkmen-alaba-yny-ba-ramy-belleniler

Türkmenistanda türkmen alabaýynyň baýramy belleniler

Türkmenistanda Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaýynyň baýramy belleniler.

27 Ocak 2021 16:46

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Halkara alabaý itleri assosasiýasynyň Köpetdagyň eteginde gurluşygy alnyp barylýan merkezi edarasyndaky işler bilen tanyşdy. Tanyşlygyň barşynda türkmen Lideri Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bir günde türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Türkmenistan döwlet  habarlar gullugynda berlişi ýaly, baýramçylyk mynasybetli dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmegi, türkmen alabaýlarynyň çykyşlaryny, ýaryşlaryny guramagy, ýeňiji bolan alabaýa bolsa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen adyň dakylmagynyň ýerlikli boljakdygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Halkara Türkmen Alabaý Bileleşiginiň başlygy Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk güninde Alabaý itleri bilen gözellik bäsleşiginiň geçiriljekdigini aýtdy.

Alabay tohumly itler barasynda aýdym we kitap ýazan Türkmenistanyň lideri Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine Alabaý güjügini sowgat beripdi. Adatça sürüde ösdürilip ýetişdirilýän we ownuk sürüleri goraýan Türkmen Alabaý itleri güýçli we muskul gurluşlary bilen tapawutlanýar. Tibet Mastifa we Mongol Çopan Iti tohumlaryndan gelip çykandygyna ynanylýan Alabaýlar Sowet Soýuzynyň goşunynda hem ulanylypdyr.

Anahtar Kelimeler: türkmen alabaýy,

Habarlar