turkmenistanda-turkmen-bedewini-milli-ba-ramy-gi-gerimde-bellenildi

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerimde bellenildi

Baýramçylyk mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandyryldy.

25 Nisan 2022 10:47

“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda behişdi bedewleriň deňsiz-taýsyz şöhraty olaryň gözelligine we kaddy-kamatyna laýyk täze öwüşginlere beslendi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda golaýda geçirilen ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bedewlere bagyşlanan dabaralaryň hatarynda ajaýyp waka öwrüldi. Onda bu tohum atlaryň iň oňat wekilleri görkezilip, şolaryň arasynda, ýokary derejeli eminleriň netijelerine görä, bu toplumyň bedewi Melebaş “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýlip ykrar edildi. Şeýle hem behişdi bedewlere eserlerini bagyşlan döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerine döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy dabaralaryň jemlenýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde özünde türkmen halkynyň agzybirlik ruhy bilen giň gerimliligi we belentligi, ýokary döwlet derejesini utgaşdyrýan uly baýramçylygyň täsirli ýagdaýy kalplary heýjana salýar. Onda milli däpleriň gözelligi, özboluşly öwüşgini bereketli türkmen toýuna mahsus beýanyny tapýar.

Bu ýerde ak öýler dikilip, olar ýurduň ähli welaýatlaryny hem-de paýtagty bir saçagyň başyna jemlän görnüşde gadymy türkmen obasyna mahsus durmuş ýagdaýlaryny döredipdir. Bu ýerde gadymy däp-dessurlar janlanýar, zenanlar haly dokaýarlar, el işleri bilen meşgullanýarlar, keçe basýarlar, bagşylar milli saz gurallarynyň owazy astynda aýdym aýdýarlar.

Ýodanyň ugrunda ýaýbaňlandyrylan sergide görkezilýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň esasy gahrymanlary deňsiz-taýsyz ahalteke atlarydyr. Bu görnüşler türkmen halkynyň çeper hünärmentçilik we senetçilik önümlerini: bezeg şaý-seplerini, el işleriniň, haly, dokma, ýüpek, keçe, deri we agaç önümlerini, milli saz gurallaryny, köpöwüşginli sowgatlyklary özünde jemledi.

Bu ýerde türkmenleriň däp bolan egin-eşikleri we başgaplary, hojalykda ulanýan enjamlarynyň, zähmet gurallarynyň nusgalary hem-de beýlekiler görkezilýär. Şol gymmatlyklaryň hatarynda atlaryň bezeg şaý-sepleriniň nusgalary bar. Olary taýýarlamaga ussalar uly jogapkärçilik bilen çemeleşip, her bir ownuk zady hem göz öňünde tutýarlar.

Açyk asmanyň astyndaky bu özboluşly sergide ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileriniň işleri aýratyn orny eýeledi. Ajaýyp atlar haly eserlerinde, özboluşly heýkel kompozisiýalarynda, haşamlama we fotosurat işlerinde şekillendirildi, bedewleriň toý görnüşde bezelmegi üçin ýasalan owadan zergärçilik toplumlary bolsa türkmenleriň bedewlere söýgüsiniň uludygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli sport oýunlarynyň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşikler guraldy. Şunda sportuň milli görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde estrada aýdymçylary hem-de tans toparlary dabara gatnaşyjylary aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary bilen garşyladylar. Dürli halkara sirk sungaty festiwallarynyň kuboklarynyň we baýraklaryň eýesi bolan meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy myhmanlary begendirdi.

Türkmenistanda gadymy däplere eýe bolan at çapyşyklary bolsa häzirki wagtda-da, ozalkylar ýaly, uly meşhurlyga eýedir. Şol ýaryşlar türkmen halkynyň şöhraty we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň ýyndamlygynyň özboluşly beýany boldy.

Çapyşyklaryň arasynda aýdym-sazly çykyşlar guraldy.

Dabaralaryň çäklerinde baýramçylyk çapyşyklarynyň, şu hepde geçirilen uzak aralyga atly ýörişiň hem-de konkur boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerine hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Soňra düýn geçirilen çapyşyklaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara ýokarda agzalan baýraklar, gymmat bahaly sowgatlar hem-de uly möçberli pul serişdeleri gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we diplom berildi.

Baýramçylyk at çapyşyklary tamamlandy, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolsa aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy dowam etdi. Tomaşaçylar pikirlerini we özlerinde galan täsirlerini paýlaşdylar.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreler eziz Diýaryň ähli şäherlerinde we obalarynda-da geçirildi. Olaryň maksatnamasyna konsertler, sergiler, edebi-sazly we şygryýet agşamlary, ýurdumyzyň atşynaslaryny hem-de seýislerini sarpalamak çäreleri girizildi.

Habarlar