turkmenistanda-watan-goragcylaryny-guni

Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni

Türkmenistanda 27-nji ýanwar güni- “Watan goragçylarynyň güni” bellenýär. şu ýyl baýramçylyk dabaralary "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylyň çäginde geçirilýär.

28 Ocak 2021 13:44

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylyň mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini gutlady. «Türkmen döwletliliginiň goşa ganaty bolan Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan uly güýçdür» -diýlip Gutlagda aýdylýar. Siz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişiň hem ýokary derejede guralmagy üçin häzirden ykjam taýýarlyk görmelisiňiz. Dabaraly harby ýörişden buýsançly başlaryňyzy belent tutup, ruhubelentlik we ýokary söweşjeň ruh bilen geçmelisiňiz, milli goşunymyzyň goranyş ukybyny we harby kuwwatyny, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten belent derejesini dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmelisiňiz, ynamly gadamlaryňyz bilen merdana ata-babalarymyzyň şu günki nesilleriniň gaýratyny, edermenligini we Watana wepalylygyny görkezmelisiňiz» - diýlip hatda nygtalýar. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Gutlagy: «Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýärin!» - diýen sözler bilen jemlenýär.

Anahtar Kelimeler: Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni,

Habarlar