turkmenistany-b-amanow-adyndaky-dowlet-cagalar-kitaphanasy

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy

Kitaphana 1935-nji ýylda esaslandyrylýar. Bu kitaphananyň häzirki ýerleşýän binasy 1976-njy ýylda gurlup tabşyrylýar, kitaphana bu binada 2007-nji ýyldan bäri hereket edýär.

29 Nisan 2022 19:32

1983-nji ýyldan bäri kitaphana Türkmenistanyň halk artisti, görnükli dramaturg we jemgyýetçilik işgäri Bazar Amanowyň adyny göterýär.

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy çagalar edebiýatynyň milli gaznahanasy bolmak bilen bir hatarda, Türkmenistandaky çagalar kitaphanalary we mekdep kitaphanalary üçin usulyýet merkezi bolup hyzmat edýär.

Çagalar kitaphanasynyň işiniň esasy ugurlary türkmen halkynyň ruhy mirasyny, onuň taryhy geçmişini, milli däp-dessurlaryny wagyz etmeklige, ösüp gelýän ýaş nesillerde Watançylyk duýgusyny terbiýelemeklige gönükdirilýär.

Kitaphana çagalary we ýaşlary kitaphana çekmek işinde döwrebap usullary iş ýüzünde ornaşdyrmak, okyjylaryň isleglerini öwrenmek iş ugurlarynyň häzirki zaman görnüşlerini ulanmak babatda okyjylar bilen dürli medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilmegini, bu çäreleriň mekdebe çenli çagalar edaralarynda, başlangyç hünär okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde olaryň okyjy toparlarynyň aýratynlyklaryny nazara almak şerti bilen yzygiderli guraýar.

Kitaphanada 2016-njy ýyldan bäri bitewi elektron kitaphana ulgamy işleýär.
B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda www.chagalar-kitaphana.gov.tm  atly resmi saýt hereket edýär.

Habarlar