turkmenistany-be-ik-saparmyrat-turkmenbasy-adyndaky-bas-drama-teatry

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry

Baş drama teatry soňky ýyllarda hemme babatda kämilleşip, üstünliklere eýe boldy. Teatryň bu günki günde sahnalaşdyrýan eserlerinde Türkmenistanda Berkararlyk zamanynda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapýar.

02 Nisan 2022 10:05

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry (ozalky Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatry) 1926-njy ýylda açylan teatr studiýasyny tamamlan ýaşlaryň we çeper höwesjeňleriň güýji bilen 1929-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Aýtjan Haldurdyýewiň «Galyňsyz» atly spektakly bilen (režissýory A.Awrusin) ilkinji teatr möwsümini açýar. Soňra teatryň döredijilik topary Abdulliniň “Çopan”, Burunow bilen Skibnewskiniň “18 gark edilenler”, “Gara tegmil” ýaly, şol döwrüň türkmen durmuşy barada gürrüň berýän eserleri sahnada goýup, sada zähmetkeş halkyň ünsüni çekmegiň hötdesinden geldi. Bu teatryň ilkinji uçurymlary – Aman Gulmämmedow, Alty Garlyýew, Bazar Amanow, Suraý Myradowa, Gulluk Hojaýew, Gulkişi Gulmyradow, Sary Garryýew, Ogulgurban Durdyýewa, Gylyç Berdiýew, Galpak Herräýew dagy bu sungatyň ösmegine goşant goşan halypalar boldy.

Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Aýtjan Haldurdyýew ilkinji türkmen dramaturglary hökmünde halkymyzyň teatr sungatynda yz galdyrdy.
Wagtyň geçmegi bilen bu ajaýyp teatr täze sahna eserleri bilen baýlaşyp, ösüşiň belent derejelerine çykýar. Şol döwrüň içinde zehinli artistleriň ussatlygyny ýüze çykaran bu milli türkmen teatry Alty Garlyýew, Bazar Amanow, Aman Gulmämmedow, Gylyç Berdiýew, Allanazar Gurbanow dagynyň režissýorlyk ukyplaryny hem açyp, kämil milli režissýorlary ýetişdirdi. Mundan başga-da, özüniň sazly bölüminde wokal aýdymçylary, hory, tansçylary we simfoniki orkestri jemledi hem-de etrap, şäher medeniýet öýleriniň halk we höwesjeň teatrlary üçin zerur hünärmenleri taýýarlady.

Ilkinji onýyllyklarda teatryň ýaş artistleri bilen spektakllary Moskwadan çagyrylyp getirilen rus režissýorlary A.Awrusin, A.B.Skibnewskiý, N.L.Horwat, W.Boreýşo taýýarlapdyrlar. Kem-kemden ýerli artistleriň arasyndan saýlanyp, Alty Garlyýew, Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow ýaly türkmen režissýorlary, Garaja Burunow, Ata Gowşudow, Hojanepes Çaryýew ýaly dramaturglar, terjimeçiler teatryň öz içinde dürli wezipelerde işläp, özleriniň ilkinji drama eserlerini teatryň sahnasynyň ýanynda döredip, ösüp ýetişipdiler. Olarүň döreden eserleri birnäçe onýyllyklaryň dowamynda teatrda goýlan iň gowy sahna oýunlary bolup geldi. Ilkinji döwürlerde sahnalaşdyrylan eserleriň aglabasy türkmen obalarynda Sowet häkimiýetiniň guralyşy, galyňa garşy, sowatsyzlyga, sowet häkimiýetini gurmaga päsgel berýän basmaçylara garşy göreş mowzugyna bagyşlanypdy. A.Haldurdyýewiň «Galyňsyz», B.Abdulliniň «Çopan», N.Şestakowyň «Gije obasy», A.Skibnewskiniň «Üç duşman», «Gara tegmil», G.Burunowyň «18 gark edilenler», «Nurbatlar» we beýlekiler şeýle häsiýetli ilkinji dramalardy.
ХХ asyryň soňky onýyllyklarynda teatryň repertuary dünýä meşhur dramaturglaryň dramalaryny, tragediýalaryny, komediýalaryny sahnalaşdyrmagyň hasabyna baýlaşýar, olaryň arasynda W.Şekspiriň «Otello», «Nadaranyň nogtalanyşy», A. Ostrowskiniň «Düşewüntli orun», K.Goldoniniň «Iki aganyň hyzmatkäri», N.Gogolyň «Derňewçi», Ž.Molýeriň «Skapeniň mekirligi» hem-de türkmen halkynyň, sebitdäki goňşy halklaryň taryhyndan, şeýle hem folklor eserleriniň esasynda ýazylan «Keýmir kör», «Zöhre-Tahyr», «Baý we batrak», «Söýgi», «Ykbal», «Aýgytly ädim», «Şemşat», «Kümüş gapyrjak», «Allan aganyň maşgalasy», «Çopan ogly», «Murgabyň kenarynda», «Sekizinji hazyna», «Gelinleriň gozgalaňy» ýaly uzak wagtlap sahnada oýnalyp, halk arasynda meşhurlyk gazanan drama eserleri halka ýetirilýär. Şunlukda, Türkmenistanda professional milli teatr sungatynyň döremegi netijesinde türkmen režissýorlarynyň, dramaturglarynyň, artistleriniň täze nesli ösüp ýetişýär.
Teatr garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen taryhyna, türkmen folklorynyň «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eposlaryna, folklor gahrymanlaryna, dessanlaryna köp ýüzlendi. Hakyky türkmen milli sahna eserleri döredildi. Görnükli režissýorlaryň, suratkeşleriň, dramaturglaryň, artistleriň täze tapgyry ösüp ýetişdi. «Oguz oýny», «Gala», «Türkmennama» ýaly taryhy eserler sahnalaşdyryldy.

2005-nji ýylyň oktýabr aýynda teatryň täze binasy dabaraly ýagdaýda açylýar we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 2006-njy ýylyň 10-njy iýunyndaky 93g belgili buýrugy bilen «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry» diýip atlandyrylýar. Teatryň täze binasynyň 1000 orunlyk tomaşaçylar zaly bolup, dünýä ülňülerine gabat gelýän tehniki enjamlary artistleriň uly mümkinçiliklerden peýdalanyp işlemekleri üçin amatly şertleri döredýär.

Teatr umumy meýdany 24 877,0 kw. metre barabar bolan, mermer bilen örtülen, özbaşdak administratiw binaly, gök bosket we suw çüwdürimleri bilen abadanlaşdyrylan meýdançaly toplumdyr.

Baş drama teatry soňky ýyllarda hemme babatda kämilleşip, üstünliklere eýe boldy. Teatryň bu günki günde sahnalaşdyrýan eserlerinde Türkmenistanda Berkararlyk zamanynda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapýar. Türkmen milli medeniýetiniň we sungatynyň ösýändigi, teatr sungatynyň kämilleşýändigi görünýär. Ýurduň teatrlarynda täze-täze eserleri döretjek režissýorlar, suratkeşler, teatr işgärleri, dramaturglar, kompozitorlar ýokary we ýörite orta mekdeplerinde taýýarlanylýar.

Habarlar