turkmenistany-dasary-isler-ministri-rasid-meredow-turk-k-rdesi-mewlut-cawusoglu

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türk kӓrdeşi Mewlüt Çawuşoglu bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow YHG-nyñ Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen duşuşdy.

27 Kasım 2021 12:34

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki bilelikdäki hereketleriniň pugtalandyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-türk gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy, şeýle-de Türkmenistanyň we Türkiýäniň özara maýa goýum işjeňliginiň giňeldilmegi nobatdaky ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.

Habarlar