turkmenistany-dasary-isler-ministrini-olbascylygyndaky-wekili-et-ankarada-bir

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankarada birnäçe duşuşyklar geçirdi

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow özara we toparara gepleşiklerden soň Daşary işler ministrliginde metbugata beýannama berdi.

23 Şubat 2021 19:22

2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Ankara şäherine iş sapary bilen gitdi.

23-nji fewralda saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan tarapyndan kabul edildi.

Şol gün Ankarada Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň we Mewlüt Çawuşoglunyň arasynda daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeler geçirildi. Ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň bilelikdäki hereketleriniň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy, şeýle-de iki döwletiň maýa goýum işjeňliginiň giňeldilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy.

Gepleşikler jemleri boýunça Ministrler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021–2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekdiler.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow özara we toparara gepleşiklerden soň Daşary işler ministrliginde metbugata beýannama berdi.

Özara we toparara gepleşiklerde iki ýurduň haýsy ugurlarda nämeler edip biljekdigini ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtan Çawuşogly, şol çäkde taýarlanjak iş meýilnamasynyň gözden geçirlendigini belledi.

Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça  ýurda sapar guramagy meýilleşdirýändigini nygtan Çawuşogly Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan sammitiniň Türkmenistanda gurnamak isleýändiklerini aýtdy.

Türk firmalarynyň Türkmenistanda hyzmatdaşlyga taýardygyna ünsi çeken ministr Çawuşogly “Biz,Türkmenistanyň tebigy gazynyň Türkiýä getirilmegi we Türkiýeden üstaşyr Ýewropa ýetirilmegi üçin öz üstümize düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge taýar”diýdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem duşuşykda özara söwda we ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşandyklaryna ünsi çekdi.

Ministr Meredow “Energetika, transport we ýokary tehnalogiýa ýaly ugurlarda birlikde dürli taslamalary durmuşa geçirip bileris. Biz bu ugurlarda ýörite meýilnamalarymyzy taýarlarys we türk dostlarymyza teklip ederis” diýdi.

Habarlar