turkmenistany-diplomatik-isg-rlerini-guni

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni

2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi.

18 Şubat 2021 17:15

2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýyla bagyşlanan sergi hem ýaýbaňlandyryldy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler türkmen diplomatiýasynyň sebit hem-de halkara derejesinde dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ähmiýetli goşant goşýandygyny nygtadylar. Bu ugurda durmuş, ykdysady, ekologiýa we häzirki döwrüň beýleki derwaýys meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen halkara başlangyçlary bilen çykyş edýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanşykly baştutanlygynyň derwaýys orny bellenilip geçildi.

Maslahatyň ahyrynda ýaş diplomatlara we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň gutardyş ýyl talyplaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Habarlar