turkmenistany-garassyzlygyny-29-yllygy

 Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 Ýyllygy

1991-nji ýylda garaşsyzlygyna eýe bolan Türkmenistan Respublikasy, Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny resmi dabaralar we baýramçylyklar bilen belleýär.

28 Eylül 2020 15:44

2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanda ýurduň baş baýramçylyklarynyň biri – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni dabaraly bellenip geçildi.

Bu baýramçylyk güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda däp boýunça Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Şeýle-de gül goýmak dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Soňra dabara gatnaşyjylar paýtagtyň merkezi meýdançasyna tarap ugradylar. Ol ýerde Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli harby ýöriş geçirildi.

Harby ýöriş türkmen Watan goragçylarynyň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi. Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi ýoriş ussatlygyny, harby tehnikalaryň we ýaraglaryň nusgalaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç-kuwwat berýän hem-de milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler bilen uludan toýlap, möhüm wakalar bilen şöhratlandyrýarys.

Türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, belent maksady — demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýarys. Merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, tebigy baýlyklarymyzy milli we umumadamzat bähbitlerine gönükdirýäris. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny öňküden-de berkitmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmak, kuwwatly we köpugurly milli ykdysadyýeti döretmek ugrunda öz öňümizde täze, has uly wezipeleri goýýarys. Halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan uzak möhletleýin maksatnamalarymyzy hem-de toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys diýdi.

Anahtar Kelimeler: Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy, Türkmenistan, Garaşsyzlyk baýramy,

Habarlar