turkmenistany-halk-azyjysy-dramaturg-ata-gowsudow

Türkmenistanyñ halk ýazyjysy, dramaturg Ata Gowşudow

Türkmen halk döredijiliginden ussatlyk bilen peýdalanan Ata Gowşudowyň eserleri türkmen edebiýatyna uly goşant boldy, ony has baýlaşdyrdy.

08 Ekim 2021 21:33

Görnükli ýazyjy, dramaturg we folklorçy alym Ata Gowşudow 1903-nji ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda eneden dogulýar. Ol çagalygyndan kakasy Gowşut Baýly aganyň ýanynda daýhançylyga werziş bolup, ýerden, hususan-da miweli baglardan bol hasyl ýetişdirmegiň syrlaryny içgin öwrenýär. Ýazyjynyň ejesi Ogulgerek eje belli ertekiçi-rowaýatçy bolupdyr. Onuň aýdyp beren erteki-rowaýatlary ýazyjynyň döredijilik ukyp-başarnygynyň ýüze çykmagyna we kämilleşmegine täsir edipdir.

A.Gowşudow 1920-nji ýylda obasyndaky orta okuw mekdebini tamamlap, şol ýyl Aşgabat mugallymçylyk mekdebinde, 1922-nji ýylda Aşgabatdaky sowet-partiýa mekdebinde, 1922-1924-nji ýyllarda bolsa Moskwada Gündogar zähmetkeşleriniň kommunistik uniwersitetinde okaýar.

Ýazyjy 1924-1928-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Merkezi Geňeşiniň Lebap welaýat komitetiniň Merkezi Geňeşiniň wagyz-ündew bölüminiň müdiri, 1925-1928-nji ýyllarda «Watan» (öňki «Ýaş kommunist») gazetiniň baş redaktory, 1928-1933-nji ýyllarda teatral studiýanyň ilkinji direktory, çeperçilik tehnikumynyň müdiri, Türkmenistanyň Halk magaryf komitetiniň oba ýaşlar mekdebiniň müdiri, 1933-1938-nji ýyllarda «Türkmenistan» (öňki «Sowet Türkmenistany») gazetiniň edebi işgäri, edebiýat bölüminiň müdiriniň orunbasary, 1938-1942-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň (öňki SSSR YA-nyň Türkmenistan filialynyň Dil we edebiýat instituty) halk döredijiligi bölüminiň ylmy işgäri, 1942-1943-nji ýyllarda «Garagum» («Sowet edebiýaty») žurnalynyň bölüm müdiri, 1942-1944-nji ýyllarda Türkmenistanyň Radiokomitetiniň milli aýdym-saz bölüminiň redaktory wezipelerinde işleýär.

1944-1953-nji ýyllarda bolsa erkin edebi-döredijilik işi bilen meşgullanýar. Ussat ýazyjy 1945-nji ýylda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda çeken tapawutlanan zähmeti üçin SSSR-iň Ýokary Sowetiniň «1941-1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda edermenlikli zähmeti üçin» medalyna, 1950-nji ýylda «Zähmet Gyzyl Baýdak» ordenine, 1939, 1943-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatlaryna mynasyp bolýar.

A.Gowşudow Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna ilkinji mynasyp bolanlaryň biridir. Söz ussadynyň döredijiligine goýulýan hormat-sarpa Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da beýgeldi. Ol 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at, şeýle hem 1993-nji ýylda Magtymguly adyndaky Halkara baýragy bilen sylaglandy.

A. Gowşudowyň döreden «Gyzyl puluň gullary» («Zakaspi fronty») atly dramasy söz ussadynyň kämil döredijilik eserleriniň ilkinjisi hasaplanýar. Ýazyjynyň 1930-njy ýyllarda döreden «Baýyň mekirligi», «Azaşan yzyny tapdy», «Gorkuly gijeden soň» ýaly hekaýalary bilen meşhurlyk gazanýar.

Ol «Watan ogly», «Juma» atly drama eserleriniň, «Gandym aganyň maşgalasy», «Gajar aga», «Iň soňky arçyn», «Dordepel», «Bahar-Hoşgeldi» ýaly çuň manyly kyssalaryň, «Mähri-Wepa», «Köpetdagyň eteginde», «Perman» atly romanlaryň, başga-da ençeme eserleriň awtorydyr.

Habarlar