turkmenistany-halk-maslahatyny-mejlisi

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI 

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň iň ýokary umumymilli forumy bolan – Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Dünýäde häzirki epidemiologiki ýagdaýlaryň nazarda tutulmagy bilen Aşgabat şäherinde badalga berlen Türkmenistanyň Milli Geňeşine ýurduň welaýatlaryndan gatnaşyjylar onlaýn görnüşinde gatnaşdylar.

25 Eylül 2020 16:51

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI 

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň iň ýokary umumymilli forumy bolan – Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Dünýäde häzirki epidemiologiki ýagdaýlaryň nazarda tutulmagy bilen Aşgabat şäherinde badalga berlen Türkmenistanyň Milli Geňeşine ýurduň welaýatlaryndan gatnaşyjylar onlaýn görnüşinde gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ýaşulular, ähli pudaklaryň wekilleri, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halk häkimýetiniň ýokary wekilçilik edarasy bolan – Türkmenistanyň Halk maslahaty türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn durmuşa ornaşdyrmak, ata-babalaryndan miras alan jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerine gyşarnyksyz eýermek hem-de umumy ykrar edilen ýokary ynsanperwer demokratik ýörelgelerimize salgylanmak, şonuň bilen birlikde ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy, döwlet ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegine ýakyndan gatnaşmagyny üpjün etmek ýaly taglymatlaýyn we raýdaşlyk maksatlarynyň amala aşyrylýan geňeşi bolup durýandyr.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibi baý mazmunly bolup, onuň barşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynda durmuşa geçirilýän taryhy ähmiýetli we uzak möhletleýin maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy ugurlaryna hem-de döwleti 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Mundan başga-da döwletiň kanun çykaryjy häkimýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaralar ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýan konstitusion özgertmelere seredildi, şeýle-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň degişli resminamalary kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy çykyş etdi. Döwlet Baştutany, amala aşyrýan işleriň netijesinde, raýatlaryň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edilendigini beýan etdi. Bu üstünlikler halkyň agzybirligi, zähmetsöýerligi we ruhubelentligi netijesinde gazanylandyr.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda şeýle-de halkara tejribesiniň we jemgyýetde gazanylan üstünlikleriň nazarda tutulmagy bilen ýurtda demokratik kadalaryň dabaralanmagynyň alamaty bolan konstitusion özgertmeler hakynda hem giňişleýin gürrüň edildi.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNA KONSTITUSION ÜÝTGEŞMELER GIRIZILER

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda şeýle-de halkara tejribesiniň we jemgyýetde gazanylan üstünlikleriň nazarda tutulmagy bilen ýurtda demokratik kadalaryň dabaralanmagynyň alamaty bolan konstitusion özgertmeler hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Halk Maslahaty kanun çykaryjy häkimýetiň wezipelerini amala aşyrýan ýokary döwlet edalarynyň ulgamyna goşulýar. Şeýlelik bilen döwlet häkimýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen baglylykda, milli Parlament Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň Palatalaryny bolsa Halk maslahaty we Mejlis diýlip atlandyrylmak teklip edildi. Bu teklip mejlise gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanunyna gol çekdi.

Konstitusion özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi döwleti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ýolundaky möhüm ädimleriň hatarynda bolup, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

TÜRKMENISTANYŇ ULAG, ENERGETIKA WE EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASYNYŇ MÖHÜM UGURLARY 

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli ulag we energetika pudagynyň hem-de şunuň bilen baglylykda ekologiýa howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berdi.

Aşgabatda geçirilýän Halk maslahatynyň mejlisiniň gatnaşyjylary döwlet baştutanynyň ýurduň ulag we enerketika ugurlarynyň kämilleşdirilmegi hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegi baradaky  birnäçe möhüm garaýyşlaryny diňlediler.  Bu ugurda ekologiýany goramak kadalarynyň berjaý edilmeginiň aýratyn ähmiýeti bellenildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň möhüm şerti hökmünde ýurdumyzda ulag infrastrukturasynyň döredilmeginiň wajyplygyny belläp geçdi. Ýurdumyzda demirýol, awtomobil, howa we suw ulaglarynyň çekilmegi bilen amatly we howpsuz halkara geçelgeleriniň döredilmegi sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, ýurtlaryň arasynda hyzmatdalygyň pugtalandyrylmagyny we haryt dolanşygynyň göwrümleriniň artdyrylmagyny üpjün eder. 

Uly möçberli taslamalaryň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň gurluşygy, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman geçelgesiniň döredilmegi we «Lapis-Lazuli» üstaşyr geçelgesi agzaldy. 

Dünýädäki epidemiologiki ýagdaý barada gürrüň edende, döwlet baştutany Aral meselelesiniň çözülmeginiň ähmeýetine ünsi çekdi.

ÝURDUŇ DURNUKLY ÖSÜŞI ÜÇIN SAGLYGY GORAÝYŞ WE BILIM ULGAMLARYNY KÄMILLEŞDIRMEK MESELELERI

Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň durnukly ösüşi çygrynda saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny ösdürmegiň wajyplygy barada aýratyn belläp geçdi. 

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, saglygy goraýyş ulgamyndaky işgärleri höweslendirmek we COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy göreşde olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak – häzirki wagtda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti şu gün saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan karara gol çekjekdigi barada aýtdy. Şeýle-de Döwlet Baştutany “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň täze redaksiýasyny taýýarlamagyň zerurlygy barada belledi.    

Ylym we bilim ulgamlaryndaky, hususan-da, innowasiýalar we tehnologiýalar ulgamlaryndaky düýpli özgerişikler barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş hünärmenleri taýýarlamak ugrunda degişli Maksatnamany taýýarlamagy, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň anyk ugurlaryny kesgitlemegi tabşyrdy. 

Türkmenistanda döwlet býudjetiniň ýetmiş göterimden gowragy durmuş maksatly ugurlara gönükdirilýändir. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda eden çykyşyndan görnüşi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň çarçuwasynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, hususan-da milli bilim ulgamynyň dünýäniň ösen derejelerine ýetirilmegi, importyň ornuny tutmaga ukyply bolan dürli ugurly önümçiligiň ýaýbaňladyyrlmagy, energetika senagatynyň milli önümleriniň daşary ýurt bazarlaryndaky paýynyň artdyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň giň gerim bilen ornaşdyrylmagy, ýeňil senagat önümleriniň eksportynyň artdyrylmagy, bäsdeşlige ukyply bolan makrodüzümli ulag-logistika ulgamlarynyň döredilmegi bilen birlikde beýleki ähmiýetli ugurlary has hem ösdürmek wezipesi kesgitlenildi.

Anahtar Kelimeler: TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI,

Habarlar