turkmenistany-hormatly-il-asulusy-gurbanguly-berdimuhamedow-turki-dowletleri

Türkmenistanyñ Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriñ guramasynyñ Ýaşulular Geñeşiñ agzasy boldy

Türkmenistanyñ Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiñ agzasy boldy.

15 Nisan 2022 11:51

Türki döwletleriñ guramasynyñ baş sekretarlygy tarapyndan berilen beýannamada: “Sekretariat, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulylar geňeşine agza bolmagyndan buýsanç duýýar we Alyhezretiniň paýhas we tejribeleriniñ Ýaşulylar Geňeşiniň mümkinçiliklerini hasam artdyrar”-diýildi.

Beýannamada Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyñ Ýaşulylar geňeşine agza bolmagynyñ Türkmenistanyñ Türki dünýäsinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyñ hasam pugtalanmagyna itelgi berjekdigi bellendi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu gurama synçy derejesinde kabul edildi. Munuň doganlyk türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary köp ugurlar boýunça okgunly ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy.

Habarlar