turkmenistany-konstitusi-asyny-we-dowlet-ba-dagyny-30-yllygy-bellenildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň 30 ýyllygy bellenildi

Baýramçylyk mynasybetli Aşgabatdaky Konstitusiýa binasynda we Baş baýdak meýdançasynda geçirilen dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

18 Mayıs 2022 23:11

Döwlet Baştutany ir bilen Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň ýanyndaky meýdança geldi. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Watanyň özygtyýarlylygynyň döwlet esaslarynyň hem-de demokratik ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk we häzirki döwürde mynasyp derejede dowam edýän däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa taryhynyň şu günki we geljekki nesiller üçin ägirt uly ähmiýetiniň baş nyşany bolan Konstitusiýa binasyna gül desselerini goýdular.

Şanly seneleriň hormatyna guralýan dabara gatnaşyjylar asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk ýörelgelere eýerip, Konstitusiýa binasyna gül desselerini goýdular. Munuň özi taryhyň dowamynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklara hormat goýmak ýaly ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, şanly seneleriň hormatyna guralýan dabara Aşgabadyň günorta künjegindäki 133 metr belentligi bolan sütünde erkana parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ýanyndaky meýdançada dowam etdi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow belent başly mukaddes Tuguň eteginde ajaýyp gül çemenini goýdy.

Şeýle hem paýtagt şäheriň baş bezegine öwrülen hem-de halkyň bagtyýarlygynyň, ýurduň abadançylygynyň esasy nyşany bolan belent başly baýdak sütünine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ajaýyp gül desselerini goýdular.

Soňra bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylar asylly däbe eýerip, Döwlet baýdagyna gül desselerini goýdular.

Habarlar