turkmenistany-magtymguly-adyndaky-milli-sazly-drama-teatry

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

2001-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň ýerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry döredildi.

21 Ocak 2022 18:20

Bu teatr gysga wagtyň içinde täsirli we gyzykly oýunlaryň onlarçasyny sahnalaşdyrdy. Olaryň köpüsi ýerli awtorlaryň eserleri bolup, türkmen halkynyň taryhyndan, Garaşsyz Türkmenistanyň bagtyýar raýatlarynyň gazanýan üstünliklerinden söhbet açýar. Teatryň ýykgyn edýän ugry dessanlardyr. Dessan eseri teatra gaty ýakyn, onda-da sazly drama teatryna juda golaý žanrdyr. Hut şonuň üçin hem täze açylan sazly drama teatry ilkinji eseri hökmünde, özünde halk aýdymlarynyň naýbaşylaryny jemleýän «Saýatly — Hemra» dessanyny saýlap aldy. Bu sahna eseriniň režissýory Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowow. Režissýor teatryň täze işiniň şowly çykmagy üçin köp aladalar etdi. Teatra ýerlerden, il içinde adygan belli aýdymçylar Suhan Orazberdiýew, Rahmet Arnagylyjow, Halbike Dowyýewa, Läle Begnazarowa, baletmeýster Ahmet Pürsiýanow, Keýik Hojaýewa, kompozitor Daňatar Hydyrow, dirižýor Gurban Babaýew dagylar işe çagyryldy. «Saýatly-Hemra» sahna oýny teatryň döredijilik toparyna uly üstünlik getirdi.

«Saýatly-Hemra» sahna eseriniň yzysüre teatr «Şasenem-Garyp», soňra «Hüýrlukga-Hemra», «Harmandäli», «Garajaoglan» ýaly oýunlaryny goýdy. Halkymyzyň ruhy galkynyşyny görkezmek, döwürdeşlerimiziň gazanýan zähmet üstünliklerini, ahlak gatnaşyklaryny, agzybirligi, dostlugy, jebisligi, halkara gatnaşyklarynda ýetilen derejäni, ykdysady ösüşi, milli medeniýetiň gazananlaryny wasp etmek maksady bilen teatrda «Agzybirlik ýylysydyr ojagyň», «Törebeg hanym», «Talyp söýgüsi», «Etme, oglan, sen oýun», «Hakyda», «Hazyna», «Ykbal öwrümleri», «Baý gelin», «Söýgi hem hasrat», «Bagt agşamy», «Arşyn mal alan», «Bir ojakda iki dünýä», «Gel kenara, söwer ýar», «Ak alaňlaň aýdymy», «Nurana şekiller», «Tumar şa» ýaly oýunlar sahnalaşdyryldy.

Teatrda ýaş tomaşaçylar üçin ýörite «Täze ýyl ertekisi», «Ahmediň gaýduwsyz horazy», «Yhlas pälwan», «Süýji waharman», «Japbaklar», «Jadyly söz», «Bir Aždarha bar ekeni», “Gopbam towşanjyk”, “Esenşohuň ertekisi” atly sahna eserleri sahnalaşdyryldy. Drama we sazly drama eserlerinden başga-da teatrda goýlan «Şasenem -Garyp» (2008 ý.), «Leýli-Mejnun» (2009 ý.), «Zöhre-Tahyr» (2010 ý.), «Görogly» (2011 ý.), «Magtymguly» (2012 ý.), «Ýusup-Züleýha» (2014 ý.), «Görogly» (2013 ý.), «Aýna» (2015 ý.), “Saýathan” (2016 ý.), “Ruhubelentler” (2017 ý.), “Hürlukga-Hemra” (2018 ý.) ýaly operalary tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Opera gurluşy we göwrümi boýunça çylşyrymly žanr hasaplansa-da ony halk köpçüligini tiz we aňsat kabul edýär. Onda aýdyma, saza, tansa uly orun berilýär.

Halkyň arasynda asyrlarboýy ýaşap, halka ruhy lezzet berip gelýän halk aýdym-sazlarymyz bolsa türkmen operalarynyň saz dilini döretmekde, bu eserleriň hakyky milli eser bolup halka ýetmeginde uly ähmiýete eýe bolýar. Göwrümi, ýordumy we gurluşy boýunça «Şasenem-Garyp», «Leýli- Mejnun» we «Zöhre-Tahyr» operalary adaty nusgawy operalardyr. Bu operalarda nusgawy opera žanrlary bolan ariýalar, duetler, reçitatiwler, horlar, tans çykyşlary ulanylýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň düzümi giň bolup, öz tans topary, orkestr artistleri, aýdymçy artistleri, drama artistleri bar.

Umumy tutýan ýeri 20327 m2 bolup, ak mermere bürenip oturan Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 750 tomaşaçylar üçin orun bar. Bu medeniýet ojagy dünýä ülňülerine gabat gelýän tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylandyr.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry çeper höwesjeňlere ýakyndan kömek berýär. Medeniýet we sungat işgärlerini taýýarlaýan ýokary we orta okuw jaýlarynyň talyplary bu teatrda ýylyň ýylyna tejribe geçýärler. Olar teatryň arhiwinde, edebi-drama bölüminde, yşyklandyryş, radio we grim bölümlerinde tejribeli hünärmenlerden sungatyň inçe syrlaryna aralaşmagy öwrenýärler. Teatrda ýaşlara berilýän üns hem öwerliklidir. Ýaş artistler keşp döretmäge yzygiderli çekilse, ýaş režissýorlar we suratkeşler öz ugurlaryndan ussat işgärlerden tälim alýarlar.

Teatrda goýlan «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr», «Görogly», «Ýusup-Züleýha» ýaly milli operalarymyz halk heňlerine baýlygy, halka ýakyn saz dilinde ýazylandygy üçin halkyň kalbynda müdimilik orun aldy. Gurluşy boýunça uwertýurasy we antrakty, gahrymanlary sazly häsiýetnamasy, sazly epizody we intermediýasy bolan halka tanyş şahyrana folklor we edebi eserlerden alnan librettolar bilen utgaşýan milli operalary sahnalaşdyrmaga işjeň çemeleşilmegi netijesinde türkmen opera sungaty üstünlik gazandy we hemmeler tarapyndan ykrar edildi.

Habarlar