turkmenistany-milli-ge-esini-halk-maslahatyny-baslygy-gurbanguly-berdimuhamed

Türkmenistanyñ Milli Geñeşiniñ Halk Maslahatynyñ başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niñ döwlet baştutanlarynyñ IX Geñeşinde çykyş etdi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow TDG bilen ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi çagyrdy.

11 Kasım 2022 14:01

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen mejlisinde eden çykyşynda TDG bilen ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi çagyrdy.

Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde girmegi Türkmenistanyñ doganlyk ýurtlar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygymyzyň täze tapgyry boldy. 

“ Biz ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagy we diwersifikasiýa etmegi isleýäris. Hususan-da, döwletlerimizi birleşdirýän ykdysady ugurlar hakynda gürrüň barýar. Biz olary harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýum serişdeleriniň ýewraziýa giňişligindäki hereketiniň durnukly esasy ulgamy hökmünde görýäris» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýratyn üns çekdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyñ belleýşi ýaly, senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik we tehnologik kuwwatyny birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ykdysady ugurlaryň möhüm bölegi hasaplaýarys.

«Türkmenistan ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türki Döwletleriň Guramasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Bu bolsa, häzirki döwürde ählumumy ykdysady ösüşiň meýillerini kesgitleýji hökmünde çykyş edýär» diýip, Türkmen lideri belledi. 

«Bu işde bar bolan bäsdeşlik artykmaçlygyny peýdalanyp, täze ulag-üstaşyr geçelgeleri, energetiki ugurlary döretmäge doly hukukly we netijeli gatnaşyjynyň ornuny öz wagtynda hem-de işjeň üpjün etmeli. Munuň ýakyn geljekde biziň umumy möhüm wezipelerimize öwrülmelidigine ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy üns çekdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy  Gurbanguly Berdimuhamedow,Türki döwletleriñ halkara medeniýet guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyñ “ beýik şahyr Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyñ Änew şäheriniñ 2024-nji ýylyñ Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty diýip yglan edilmegi üçin goldaw beren Türki döwletleriñ guramasynyñ agza ýurtlaryna minnetdarlygyny ýetirdi.

Türkmen lideri, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyñ doglan gününiñ 300 ýyllygy mynasybetli gurnaljak çarelerde TÜRKSOÝ-uñ işjeñ gatnaşjagyna ynanýandygyny aýtdy.

Habarlar