turkmenistany-milli-ge-esini-halk-maslahatyny-baslygy-gurbanguly-berdimuhamed

Türkmenistanyñ Milli Geñeşiniñ Halk Maslahatynyñ başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türki dünýäsiniň ýokary ordeni» bilen sylaglanyldy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Türki döwletleriň guramasynyň «Türki dünýäsiniň jebisligi üçin» Alişer Nowaýy adyndaky halkara baýrak bilen sylaglandy.

11 Kasım 2022 14:13

TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi işini tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogany «Türki dünýäsiniň ýokary ordeni» bilen sylaglamak we «Türki dünýäsiniň jebisligi üçin» Alişer Nowaýy adyndaky halkara baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary tasynda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna «Türki dünýäsiniň ýokary ordenini» gowşurýar.

Bu sylag türki dilli halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmaga, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşan adamlara gowşurylýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki döwletleriň guramasynyň ýokary sylagy üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistana hem-de türkmen halkyna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady.

Habarlar