turkmenistany-prezidenti-berdimuhamedowy-ak-s-herim-asgabat-atly-kitabyny-t

Türkmenistanyñ prezidenti Berdimuhamedowyñ “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyñ tanyşdyryş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyñ “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyñ tanyşdyryş dabarasy Malatýa şäherinde geçirildi.

23 Şubat 2022 21:26

Türkmenistanyñ Türkiýedäki Ilçihanasy, Çalyk Holding we Inönü Uniwersiteti tarapyndan Turgut Özal Kongres we Medeniýet Merkezinde gurnalan tanyşdyryş dabarasy “Türkmenistan foto-surat” sergisi bilen açyldy.

Sergide, Türkmenistanyñ taryhy we medeni gymmatlyklaryny wasp edýän 36 foto-surat, milli egin-eşikler, 70 sany kitap we etnografik eserler orun aldy.

Türkmenistanyñ prezidenti Berdimuhamedowyñ “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyñ tanyşdyryş dabarasy, iki ýurduñ döwlet senasynyñ ýañlanmagy bilen başlady.

Dabara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary online görnüşde gatnaşdylar.

Türkmenistanyñ Türkiýe Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Işangyly Amanlyýew dabarany açmak bilen Aşgabat şäheriñ ýurduñ iñ uly şäheri bolup “Ak şäher” diýip wasp edilýändigini we adynyñ “yşk şäheri” manysyny añladýandygyny nygtap şäheriñ 140 ýyllygy mynasybetli türkmen lideriniñ kitabyny türkmenistanlylara peşgeş berendigini aýtdy.

Kitapta Aşgabat şäheriniñ taryhyny öwrenmekdäki we şu günki üstünliklerine buýsanç döretmekdäki ähmiýeti barasynda giňişleýin gürrüň edildi. 

Kitabyň içinde ýerleşdirilen suratlar şäheriň edebi beýanatynyň üstüni doldurýar we paýtagtyň innowasiýalary, milli binagärlik sungatyny we ýokary derejedäki estetiki özboluşlylygyny jemleýän keşbini okyjylaryň göz öňünde janlandyrýar.

Dabarada çykyş edenler bu kitapda döwlet Baştutany Berdimuhamedowyñ Watana, paýtagta, mähraiban halkyna bolan söýgüsiniň beýan edilendigini aýratyn nygtadylar.

Malatýanyñ welaýat häkimi Aýdyn Barus we şäher häkimi Selahattin Gürkan eden çykyşlarynda iki ýurduñ taryhy we medeni baglaryna ünsi çekdiler.

Inönü Uniwersitetiñ rektory Prof. Dr. Ahmet Kyzylaý eden çykyşynda ýokary okuw jaýy barasynda we iki ýurduñ arasyndaky taryhy gatnaşyklar barasynda giñişleýin gürrüñ berdi.

Habarlar