turkmenistany-prezidenti-gurbanguly-berdimuhamedow-turki-dilli-urtlary-hyzmat

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwlet baştutanlarynyň onlaýn görnüşindäki sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türki dilli ýurtlar bilen medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksatlaýarys”- diýdi.

01 Nisan 2021 11:03

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Sammitiň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu çäräniň wajyplygyny belläp geçdi hem-de Türkmenistanyň ýurtlaryň arasynda ykdysady, energetika, ulag, ekologiýa we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyñ halkara energiýa howpsuzlygy babatynda halkara başlangyjy başladandygyny nygtap, Türk dilli ýurtlary nebit we tebigy gaz üstaşyr ulgamyna goşulmaga çagyrdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türki dilli ýurtlar bilen medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksatlaýarys”- diýdi.

Türki dilli ýurtlaryñ halkara medeniýet guramasy TÜRKSOÝ-uñ ýolbaşçylygynda Türkmen ýazyjy we şahyrlaryñ tanyşdyrylyş çärelerini gurnalmagyny teklip eden prezident Berdimuhamedow: “Türki dilli ýurtlar bilen medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksatlaýarys “- diýdi.

Wengriýa Türki dilli ýurtlar bilen gatnaşyklaryny strategiki derejä çykarmak isleýär

Türk Geñeşiniñ synçy statusyna eýe bolan agzasy Wengriýanyñ premýer ministri Wiktor Orban eden çykyşynda Özbegistan bilen möhim şernama baglaşandyklaryny we ýakyn wagtda Gyrgyzystanda ilçihana aşjakdyklaryny habar berip “Biziñ maksadymyz Türki dilli ýurtlar bilen gatnaşyklarymyzy strategiki derejä ýetirmek”- diýdi.

Premýer ministr Orban, Türk maýa goýum gaznasynyň döredilmegi üçin Wengriýa tarapynyň maddy goldaw bermäge taýýar bolandygyny aýtdy.

Türk Geñeşiniñ baş sekretary Bagdat Amreýew, 2020-nji ýylyñ koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýäde kynçylyklaryñ baş bermegine garamazdan Türk dünýäsi üçin bereketli bir ýyl bolandygyny aýtdy.

Baş sekretar Amreýew Türk Geñeşiniñ üçegi astynda Türk dünýäsiniñ ähli döwlet ýolbaşçylaryny bir ýerde görmekden uly begenç we buýsanç duýýandygyny sözlerine goşdy.

Bu duşuşyk oňa gatnaşyjylara hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin netijeli meýdança boldy. Gatnaşanlar ynsanperwerlik düzüjisiniň nazarda tutulmagynda ykdysadyýet, ulag, energetika, ekologiýa we medeniýet ulgamlarynda özara kabul ederlikli gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegi dogrusynda pikirleri alyşdylar.

Türki geňeşiň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyndaky oňyn ähmiýet nygtalyp geçildi, bu bolsa sebitde hem-de onuň çäginden daşarda parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanylmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Sammitiň barşynda oňa gatnaşyjylar Türki geňeşiň 2025-nji ýyla çenli Strategiýasyna seredip geçdiler.

Habarlar