turkmenistany-prezidenti-gurbanguly-berdimuhamedow-turki-e-bilen-strategiki-ga

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkiýe bilen strategiki gatnaşyklary ösdürmek esasy maksatlarymyzyň biridir.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: "Türkiýe bilen uzak möhletleýin strategiki gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy maksatlaryndan biridir" -diýdi.

27 Kasım 2021 21:12

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Türkiýe bilen sebitara, halkara we energetika ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrjakdygyny nygtap: "Türkiýe bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy maksatlaryndan biridir. Taryhy we ahlak gymmatlyklarymyz, türkmen we türk doganlarymyzyñ hasam ýakynlaşmagyna itergi berer”-diýdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ünsi çeken prezident Berdimuhamedow: "Türkiýe bilen Türkmenistanyň halkara meselelerine we beýleki köp meselelere birmeňzeş çemeleşýändigini aýtmak isleýärin”-diýdi.

Türkmenistanyň türki dilli döwletleriň bileleşigine synçy döwlet hökmünde kabul edilmeginiñ  taryhy taýdan aýratyn ähmiýetli möhüm waka bolandygyny belläp geçen Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň türki dünýäniň döwletleri bilen özara hereketleriniň täze tapgyrynyň başyny başlaýar, diýip belläp geçdi.

Şu nukdaýnazardan, bitaraplyk ýörelgelerine eýermek bilen, Türkmenistan ykdysady hem-de söwda gatnaşyklarynyň yzygiderli hem-de maksada gönükdirilip pugtalandyrylmagyny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitleýändir.

Şunlukda, ekologiýa, energetika we ulag ýaly strategiki ulgamlarda ýurtlaryň ähmiýetli mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Türkmenistan bilen Türkiýäniñ Owganystanda durnuklulygy üpjün etmek üçin bilelikde tagalla edýändigine ünsi çeken prezident Berdimuhamedow: "Iki ýurt ykdysady we jemgyýetçilik ulgamyny ösdürmek we Owganystanda ynsanperwer kömegini bermek ugrunda hyzmatdaşlyga dowam eder"-diýdi.

Habarlar