turkmenistany-prezidenti-oba-hojalyk-toplumyny-osdurmek-bo-unca-maslahat-gecird

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Türkmenistanyñ prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe çözgütler kabul edildi.

09 Haziran 2022 23:38

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow maslahatda 11-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, suw bilen bagly kynçylykly ýagdaýlary göz öňünde tutup, wise-premýer A.Ýazmyradowa degişli tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident, birinjiden, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň ýolbaşçylygynda Hökümet toparyny döretmek baradaky Kararyň taslamasyny taýýarlamagy, bu toparyň düzümine Ýokary gözegçilik edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, ylmy institutlaryň, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de beýleki edaralaryň ýolbaşçylaryny goşmagy tabşyrdy.

Ikinjiden, Amyderýadan we Garagum derýasyndan başlap, derýalaryň hanasynda barlaglary geçirmegiň, suwuň akymynyň geçmezliginiň sebäplerini anyklamagyň, kemçilikleri düzetmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzmegiň we olary amala aşyrmaga gyssagly girişilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, tehnikalary, läbik sorujylary, suw sorujylary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin zerur serişdeleri bölüp bermek barada teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

Üçünjiden, derýalar bilen birlikde, esasy suw akabalarynda hem barlaglar geçirilmelidir. Olary arassalamak, betonlamak boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzmeli we bu meýilnamany amala aşyrmaga girişmeli diýip, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Dördünjiden, suw süýjediji desgalaryň gurluşyk işlerine başlamak hem-de Hazar deňzinden Aşgabada suw bermek boýunça mümkinçiliklere seredilmelidir.

Bäşinjiden, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň her mejlisinde işleriň alnyp barlyşy barada hasabat bermegi wise-premýere tabşyrdy.

 

Habarlar