turkmenistany-prezidenti-turki-e-respublikasyny-prezidentine-tiz-sagalmak-bara

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine tiz sagalmak baradaky arzuwlaryny beýan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana hat iberdi we türk Lideriniň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi.

07 Şubat 2022 09:55

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda, “Gujur-gaýratyňyz we güýçli erkiňiz bilen Siziň bu keseli gysga wagtda ýeňip geçjekdigiňize berk ynanýaryn” diýip belledi we durmuşyň şu agyr günlerinde hemmetaraplaýyn goldamaga we zerur bolan halatynda ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

“Gadyrly doganym, Size we maşgalaňyza tiz wagtda sagalmagyňyzy tüýs ýürekden arzuw edýärin hem-de Beýik Biribardan size berk jan saglyk, uzak ömür dileg edýärin” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň we maşgalasynyň iberen hatynda nygtalýar.

Habarlar