turkmenistany-prezidenti-turki-e-respublikasyny-prezidentini-gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

26 Şubat 2022 15:26

Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogany doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli çuňlaşdyrylmagyna berýän uly goldawyny hem-de şahsy goşandyny aýratyn belledi.

Biz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky uzak möhletleýin hem-de strategik häsiýete eýe bolan gatnaşyklara uly üns berýäris we hormat bilen garaýarys hem-de olaryň geriminiň giňelmegi ugrunda tagallalarymyzyň birleşendigine buýsanýarys diýip, döwlet Baştutany Berdimuhamedow nygtady.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, milli Lider Berdimuhamedow, Prezident Rejep Taýyp Erdogana tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlygy we maşgala abadançylygyny, Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Habarlar