turkmenistany-prezidenti-urdu-basarja-turgenine-ba-raklary-gowsurdy

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň başarjaň türgenine baýraklary gowşurdy

Türkmen agyr atletikaçysy Ýulduz Jumabaýewa altyn medal we sport awtoulag bilen sylaglandy,

11 Mart 2021 18:39

2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurduň öňdebaryjy türgenlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýurdumyzyň tälimçileri we öňdebaryjy türgenleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dabaraly çykyş etdi.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş eden Ýulduz Jumabaýewa altyn medallaryny gowşurdy..

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Ýulduz Alymbaý gyzy Jumabaýewa 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2020-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Lexus LX 570 Sport Plus» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi sowgat berildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sport diplomatiýasyny işjeň durmuşa geçirýär. Ýurtda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketiniň ösüşine aýratyn üns berilýär.

Habarlar