turkmenistany-prezidentini-turkmeni-dowletlilik-orelgesi-kitabyny-turk-di

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Döwletlilik Ýörelgesi” kitabynyň türk dilindäkı tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyñ türk dilinde neşir edilen “Türkmeniň Döwletlilik Ýörelgesi” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Stambul Uniwersitetinde geçirildi.

26 Şubat 2021 21:57

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy tarapyndan Stambul uniwersitetiniň Jerrahpaşa hünärment ýokary mekdebinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyñ gymmatly eserine bagyşlanan dabara geçirildi.

Çärä, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary gatnaşdylar. Tanyşdyryş dabarasyna sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly Türkiýe Respublikasynyň görnükli ylmy işgärleri we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli geçirilen dabara iki ýurduň milli senalarynyň ýaňlanmagy bilen başlady.

Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi I.Amanlyýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky başkonsuly M.Seýitmämmedow, Stambul uniwersitetiniñ Jerrahpaşa rektory Dr. Nuri Aýdyn we köp sanda myhman çykyş etdiler.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň bu eseriniň türkmen halkynyň medeni aýratynlyklary we baý ruhy dünýäsi bilen tanyşdyrýan özboluşlylygyny belläp geçdiler.

Habarlar