turkmenistany-t-ze-sa-lanan-prezidenti-serdar-berdimuhamedow-gutlaglary-kabul-e

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlaglary kabul edýär

2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda sesleriniň 72,97 göterimini alyp Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edilen Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç gutlaglary kabul edýär.

15 Mart 2022 18:45

Russiýa Federasiýasynyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyñ prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystan Respublikasynyñ prezidenti Kasym Žomart Tokaýew we Täjigistan Respublikasynyñ prezidenti Emomali Rahmon 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda sesleriniň 72,97 göterimini alyp Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edilen Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiçe telefon arkaly jañ edip Türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipesinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Habarlar