turkmenistany-t-ze-sa-lanan-prezidenti-serdar-berdimuhamedow-gutlaglary-kabul-e

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlaglary kabul edýär

2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda sesleriniň 72,97 göterimini alyp Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edilen Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç gutlaglary kabul edýär.

16 Mart 2022 00:22

Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýew, Hytaý Halk Respublikasynyñ prezidenti Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Žaparow, Eýran Yslam Respublikasynyñ prezidenti Ibrahim Raisi, Pakistan Yslam Respublikasynyñ prezidenti Arif Alwi, Ermenistanyñ premýer ministri Nikol Paşinýan we BMG-niñ baş sekretary Antonio Gutereş 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda sesleriniň 72,97 göterimini alyp Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edilen Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiçe telefon arkaly jañ edip Türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipesinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan işleriň, şol sanda türkmen-azerbaýjan, türkmen-gyrgyz, türkmen-pakistan, türkmen-ermenistan gatnaşyklaryny uzakmöhletleýin esasda ösdürmäge, halklaryñ bähbitleri üçin taslamalar we maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilen syýasatyny dowam etmäge doly taýýardygyny nygtady.

Habarlar