turkmenistany-turki-ed-ki-adatdan-dasary-we-doly-ygty-arly-ilcisi-isanguly-aman

Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanliýew Kyrşehire sapar gurady

Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew Kyrşehire guran saparynda gubernator Ibrahim Akyn bilen geçiren duşuşygyndan soň Kyrşehir Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Watan Karakaýa we uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.

27 Ağustos 2020 15:04

Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  Işanguly Amanlyýew Kyrşehire guran saparynda gubernator İbrahim Akyn bilen geçiren duşuşygyndan soň Kyrşehir Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Watan Karakaýa we uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy. Ilçi Amanlyýew, türkmen talyplarynyň Kyrşehir Ahi Evran uniwersitetiniň maşgalasynyň bir agzasy bolmalaryna begenýändiklerini nygtap dünýäniň tapawutly künjeklerinden gelen talyplaryň bu ýerde gazanýan ruhy gymmatlyklarynyň möhümdigini aýtdy.

Kyrşehir Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Watan Karakaýa hem sözlän sözünde, “Türkmenistanly talyplaryň bu ýerde ýokary bilim alýandyklary üçin biz özümizi bagtly hasap edýäris. İki ýurduň arasyndaky jebisligiň, bitewiligiň we doganlygyň diňe bilim bilen çäkli bolman uly hyzmatdaşlyklara we dostlukly gatnaşyklara itergi bermegini umyt edýärin. Biz Türkmenistanly talyplarymyz bilen birlikde beýleki talyplarymyza ýokary bilim almaklary üçin goldaw bermäge dowam edýäris” diýdi.

Anahtar Kelimeler: Türkmenistan, türkmen talyplar, ilçi Işanguly Amanlyýew, Kyrşehir Ahi Ewran uniwersiteti,

Habarlar