turkmenistany-ussat-akt-or-we-re-iss-ory-baba-annanow

Türkmenistanyň ussat aktýor we režissýory: Baba Annanow

Baba Annanowyň döredijiligi – türkmen kinematografiýasynda we teatrynda görnükli orun eýeleýär.

19 Şubat 2022 21:45

Baba Annanow 1934-nji ýylda Aşgabadyň Garadamak obasynda eneden bolýar.
1958-nji ýylda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr çeperçilik institutyny tamamlaýar. Ol bu ýokary okuw mekdebinde okaýarka, «Özbekfilmde» «Ýollama», «Prokuror», «Stadionda duşuşarys» ýaly çeper filmlere surata düşýär. Hut şol ýyllar B.Annanow «Ilkinji synag» atly türkmen filminde ilkinji gezek baş keşbi suratkeş Gulmanowyň keşbini ýerine ýetirdi. Ol şonda kino sungatynda özüniň hakyky zehinini açyp görkezmegi başardy.

Instituty tamamlandan soň, ol öz döredijilik ýoluna Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda gadam basýar. Baba Annanow «Ykbal», «Bedewiň ogurlanmagy» ýaly çeper filmlerde ýatdan çykmajak keşpleri döretdi. Alty Garlyýewiň «Aýgytly ädim» atly çeper filminde döreden keşbi türkmen kino sungatynda öçmejek yz galdyrdy. Ol tomaşaçylaryň uly sylagyna we çyn ýürekden söýgüsine mynasyp boldy.

Baba Annanowyň galamyna degişli «Ak at» powesti boýunça ol uzak wagtlap aýralykda ýaşan enäniň we ogluň ykbaly barada tolgundyryjy sahna eserini goýdy. Ol kinorežissýor hökmünde «Kepderiler kärizlerde ýaşaýarlar» powesti esasynda «Kärizgenler», «Zöhre-Tahyr», «Agyr ýük», «Serdar» ýaly çeper filmleri surata düşürdi. «Kärizgenler» režissýor Baba Annanowyň ilkinji uly göwrümli çeper filmidir. Aýratyn estetiki we çeperçilik taýdan täsir edijiligi bilen tomaşaçylara täsir eden bu film awtoryň iň gowy uly göwrümli işleriniň biri boldy hem-de ýurduň kino sungatynyň altyn hazynasyna öwrüldi.

«Zöhre we Tahyr» atly çeper filmi Baba Annanowyň soňky işleriniň biridir. Baba Annanowyň döredijiligi – türkmen kinematografiýasynda we teatrynda görnükli orun eýeleýär. Ol 40-dan gowrak çeper filmde surata düşýär. «Türkmenfilmde», «Özbekfilmde», «Täjikfilmde» düşürilen kinolaryň birnäçesinde baş keşpleri ýerine ýetirýär. Onuň döreden keşpleri mydama ýokary baýraklara mynasyp bolýar.

Kinorežissýor hökmünde surata düşüren filmleriň, şeýle hem dokumental kinofilmleriň hem birnäçesiniň awtory. Onuň «Dutar», «Magtymguly» ýaly dokumental filmleri kinofestiwallarda 1-nji derejeli diplomlara mynasyp boldy.

Uzak ýyllaryň dowamynda türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Baba Annanow 1969-njy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi bolýar. 1985-nji ýylda oňa «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly at berilýär.

Halypa aktýor we kinorežissýor Baba Annanow, 1991-nji ýylyñ 21-nji dekabrynda 57 ýaşynda dünýeden ötdi.

Habarlar